Авиагрузоперевозки в Африке

Afrika, saklanyp galan ýabany tebigaty, siwilizasiýadan dynç alyp wagtlaýynça aýratyn bir dünýä –ertekilerdäki haýwanlaryň we täsin peýzažlaryň dünýäsine geçmek mümkinçiligi bilen beýleki kontinentleriň ýaşaýjylarynyň ünsüni özüne çekýär. Afrika materiginde birnäçe ýüz goraghanalary bar, ýeke Keniýanyň tutýan meýdanynda elliden gowyragy ýerleşip, olaryň her birisi ayratyn özboluşlygy, florasynyň we faunasynyň seýrek ýaşaýjylary bilen geň galdyrýar.

Aviav TM (Cofrance SARL) meşhur araçy kompaniýasy Keniýanyň tebigy goraghanalaryna howada gezelenç etmek üçin, giň gerimli awiabazasyndan islendik görnüşli howa gämilerini teklip edýär. Kompaniýanyň işgärleri tarapyndan gurnalan uçardaky ýa-da dikuçardaky uçuşlary asman giňişligindäki we wagt boýunça gyzykly syýahata öwrülýär, gaýtalanmajak tebigy ýadygärlikleri bolsa ony ýatdan çykmajak dynç alyşa öwürýär.

Читайте также:  Аэропорт Момбаса в городе Момбаса в Кении

Kompaniýanyň wekilleri tarapyndan üç sany tebigy gözellikleri boýunça dikuçardaky gezelenjiň meşhur ugryny taýýarlanylýar: Samburu Parklary, Şaba we Buffalo Prins goraghanasy. Her ýyldan howada syýahat etmek dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolup, oňa isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Aýratyn hem saklanyp galan  güri tokaýlaryň we köp sanly janly-jandary bolan sawannalaryň mekany bolan Afrikada gezelenjiň  bu görnüşi has hem ýokary depginde ösýär.

Syýahat, Keniýa döwletiniň merkezinde ýerleşen  Jomo Kenyatta halkara howa menzillinden dikuçardaky uçuş bilen başlanýar. Daglaryň, sawannalaryň üstünden uçuş iki sagat töweregi dowam edýär, we bu döwürde ýolagçylar gurşap alýan peýzaži synlamakdan ýadamaýarlar. Syýahat wagtynda siz ilýuminatorda gowy görünýän mawy asmanda daglaryň anyk şekilini synlap bilersiňiz. Hereket edýän kiçijek ýabany haýwanlaryň keşpleri hem batgasy doňan wulkan ýaly geň galdyryjy peýzažyna eýe bolýar. Samburu Parkynyň meýdanynda bolsa maldarlaryň taýpasy göçüp-gonup ýör. Bu goraghananyň ady hem şularyň adyndan gelip çykan. Olaryň ýany bilen krokodillar, begemotlar, nosoroglar, zebralar, žiraflar we başga-da ýerli faunanyň seýrek duş gelýän wekilleri bolan jandarlary erkine öz durmuşy bilen ýaşap ýörler. Ýumşak kürside oňaýly ýerleşip aşakda yzygider üýtgeýän suraty sagatlar bilen syn etmek mümkin.

Читайте также:  Остров Ламу, Кения

Международные авиаперевозки грузов

Uzak wagt uçuşdan soňra perganat ulagy ýerli howa menziline gonýar we ýolagçylar naharhanalaryň birinde iýip-içip we güýç toplap, parklara pyýada gezelenç etmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Golaýyňyzda ýerleşen ýerli bazary Afrikanyň milli süýjilikleri we gök önümleri we senetçilik önümi bilen myhmanlaryň şähdini açýar.

Yzyňyza gaýdanyňyzda siz Afrika guş uçýan beýikliginden ýene-de bir gezek synlamak mümkinçiligine eýe bolýarsyňyz we siwilizasiýanyň ilkinji dörän tebigat bilen sazlaşygynyň gyzyklydygy barada pikir edip bilersiňiz.

Kofrans SARL kompaniýasynyň kömegi arkalyüç-bäş ýolagçy üçin uçary ýa-da kiçiräk dikuçary bir sagatlyk kireýine almagyň bahasy 2500 ýewro bolýar: siz ylalaşyň,sebäbi şatlyk deňzi we duýgylar ummany üçin bu ýokary nyrh däl!

Читайте также:  Аэропорт Киунга в городе Киунга в Кении

Wagt taýdan barlagdan geçirilen tejribeli ekipažy bilen uçmak siziň şatlygyňyza şatlyk goşar we, belki siziň täze başdan geçirmeler we duýgular zynjyryňyzda birinji orna mynasyp bolar.