Her ýyl Demirgazyk Afrikanyň ýurduna bütin dünýäden müňlerçe syýahatçylary dynç almak üçin gelýärler. Olaryň hokmany bolan meýilnamsynda – Gyzyl deňzinde suwa düşmek, piramidalara gezelenç etmek, Nil derýasynda katerda aýlanmak bar. Dünýäniň iň gadymy ýurdy bolan Müsüriň iň ajaýyp, gözel, synlanylmaga mynasyp bolan ýerleri bolsa görülmäni galýar.

Ýewropanyň araçy Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy, täze ugurlarda gezelenç etmegi we täze açyşlary etmegi halaýan syýahatçylar üçin, şahsan özleriniň hususy howa gezelenjini teklip edýär. Müsüriň howa menzilleriniň birinden, kompaniýamyzyň kömegi bilen kireýine alan hususy uçaryňyzdaky amala aşyrjak gezelenjiňiz siziň hut öz islegleriňiz hasaba alynyp gurnalýar. Gezelenç etmek meýilnamasyna uçaryň bortunda naharlanmak, deňiz kenarynda piknik gurnamak, muzeýlere we tebigy parklaryna gezelenç etmek ýaly wakalary degişli bolýar. Bularyň ählisini – Cofrance SARL kompaniýasynyň gurnamaga mümkinçiligi bar, ýöne hemmesini müşderi bilen ylalaşyp, onuň razylygy bilen ýerine ýetirmeli.

Читайте также:  EgyptAir приобретает 12 Bombardier CS300 и ищет деньги для дальнейших покупок

Hususy uçary ýa-da dikuçary kiçiräk bir toparyň saýlan islendik ýerine rahat we oňaýly şertlerinde eltýär; uçuş wagty bolsa müşderilerimiziň özleri belleýärler. “Nirä uçmaly?” diýen sorag Cofrance SARL kompaniýasynyň tejribeli uçarmanlaryny hiç aljyratmaýar. Tersine, bu soragyň jogaby, hatda talap ediji syýahatçylaryny hem begendirip, geň galdyrmaga ukyply bolýar.

Birinji ugur – arheologiýa syrlarynyň muşdaklary üçin. Dikuçar Aleksandriýa şäheriniň howa menzilinden uçuşy başlaýar we demirgazyk gyrasyna, balykçylar obasyna ugur alýar. Onuň golaýynda ýeriň aşagynda, b.e.öň. II asyrda Aleksandr Makedonskiniň çozuşyndan soňra, mazarlyk ýaly gurulan Kom-El-Şukafyň gadymy katakombalary gizlenen. Gadymy ýadygärlik ýerasty şäheriniň bölegi bolup durýar, onuň ady hem “Galyndylar depesi” diýip terjime edilýär. Katakombalara gezelenç etmek – geçmişe syýahat etmegiň, arheologiýa tapyndylarynyň görnüşinden lezzet almagyň we rahatlyk bilen howa gämisinde yzyňa, kondisioneri we split-ulgamy bolan siwilizasiýa dolanmagyň ýeketäk mümkinçiligi bolup durýar.

Читайте также:  Nile Air впервые в Египте идёт на IPO

Ikinji ugur – Müsüriň klassiki taryhyny gadryny bilýänler üçin. Dikuçar, Müsür-Izrail araçäginde ýerleşýän, kurort şäheri bolan, Taba şäherinden ugur alyp, Salah-ah-Diniň arhaiki içki galasy bilen tanyş bolmak we koral firlarynyň golaýynda suwa düşmek üçin, syýahatçylary Akab aýlawynyň demirgazygyndaky Faraonlar Adasyna eltýär. Müsüriň her bir şäheri b.e.öň.IX asyrdan bölekleýin saklanyp galan gurluşyklary bilen guwanyp bilmeýär. Bu ada Wizantiýanyň täjirleri, basybalyjylar – haçly ýörişe gatnaşyjylary, musulmanlara garşy göreşen arablaryň orta asyrdaky goranyşy barada ýatlamalary saklaýar. Guş uçýan belentlikden syn etseň, durky täzelenen Salah-ah-Din galasy hakyky ýaly bolup görünýär we deňiz suwlary bilen gurşalanda bolsa aýratyn owadan görünýär.

Üçünji ugur – tebigatyň gözelliginiň has hem gadryna ýetýän romantikaçylar üçin. Uçar, Şarm-el-Şeýh howa menzilinden ugur alyp, adaty bolan obalaryň, Müsüriň tebigy gözellikleriniň üstünden 150 kilometr ulynlygy bolan ugry uçup geçip, syýahatçylary ýeketäk derýa suwy bolan- kanýona eltýär. Cofrance SARL araçykompaniýasynyň awiabazasyndan saýlanyp alynan hususy uçarynda Sinaý daglarynyň dürli reňkli jülgesiniň üstünden syýahat etmek ýatdan çykmajak duýgulary berýär: jansyz kanýon ähli reňkleriň gyzyl reňkleri bilen garyşyp öçügsi reňklerinden açyk reňklerine çenli bolýar. Millionlarça ýyl mundan ozal, güýçli ýertitremeden soňra, güýçli şemal hem bu ýerdäki tebigatyň ertekilerdäki burçyny bezän dürli suratlaryň döredijisi boldy.

Читайте также:  Шесть арабских стран начинают транспортную блокаду Катара

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy öz sanawynda hödürleýän hususy howa gämileri hemişe uçuşa taýýar: planetanyň islendik künjegine iň amatly we oňaýly şertlerinde sizi eltmek mümkinçiligine eýedir. Arzuwlaryň hasyl bolmagy hemişe Aviav TM (Cofrance SARL) ýaly ynamdar kömekçiniň ýardamy esasynda amala aşyrylmagy mümkin!