Авиагрузоперевозки в Африке

Üç ýarym müň howa menzilleriniň arasyndan hünärmenlerimiz iň gowularyny we köp gatnawly bolan howa menzillerini saýlap aldylar. Afrikada, XXI asyrda awiasiýa örän ýokary tizlikde belende galýar, ýagny üç sany howa menzilinden million adam gatnaýar (Günorta Amerika bilen deňeşdireniňde bäş esse köp). Täze asyryň birinji onýyllygynda köp howa menzillerinde hususy we biznes-awiasiýanyň sektorlary peýda bolandygyny bellemek gerek.

Ýewropanyň meşhur araçy  Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy iş we gezelenç maksady bilen Afrika kontinentine uçmak üçin islendik görnüşli howa gämisini kireýine almagy teklip edýär.

Международные авиаперевозки грузов

Afrikanyň iň uly we köp sanly ýolagçysy bolan on sany howa menzilleriniň hataryna şular degişli boldy:

  1. Oliwer Tambo adyndaky Ýohannesburgdaky halkara howa menzili (Günorta Afrika Respublikasy). Ýylda ýigrimi dört million ýolagçylaryna hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir, ýolagçylar akymynyň artmagy soňky üç ýylda 13 % barabar boldy. 2010-njy ýylda futbol boýunça geçirilen dünýä çempionaty döwründäki düýpli abatlaýyş işlerinden soňra howa menzili “Aerobus A380” kysymly uçarlaryny kabul etmek mümkinçiligine eýe boldy we onuň ýolagçylary hem teleskopiki traplaryndan peýdalanyp bilerler we gatnawa garaşmakdöwründe bolsa Afrika awiasiýasynyň taryhy Muzeýine baryp görüp bilerler.
  2. Kair (Müsür) şäherinde ýerleşýän paýtagtyň halkara howa menzili ýylda on dört million ýolagçylaryna hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir (täze terminalynyň geçirijilik ukyby sekiz we ondan hem köp million) we Ýohannesburgyň howa menzili ýaly “Aerobus A380” döwrebap howa gämilerine hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir. Afrikanyň ikinji ýerde duran bu howa menzili bilen altymyş sany ýolagçy we on sany ýük awiakompaniýalary hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.
  3. Keýptaunda ýerleşýän halkara howa menzili – Günorta Afrika Respublikasynyň on sany öňdebaryjy howa menzilleriniň ýene-de bir uly howa ulag desgasy bolup durýar. Ýylda dokuz million ýolagçylar akymy bolan, dünýäniň on iki sany ýurdy we ýigrimi dört sany awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk alyp barmagy, howa menziliniň “2009-njy ýylda Afrikanyň iň gowy howa menzili”diýen adyna eýe bolmagy – bular ýaly sanlar we sylaglaglary GAR-yň Günbatar-Kap welaýatynyň paýtagtynda ýerleşýän bu howa menziliniň alyp barýan işi barada ajaýyp häsiýetnama berýär.
  4. Lagosda (Nigeriýa) ýerleşýän Murtaly Muhammet adyndaky halkara howa menzili ýylda ýedi ýarym million ýolagça hyzmat edýär we 80 % halkara gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu howa menziliniň awiaparkynda – “Boing 767” we “Boing 737-300” kysymly howa gämileri bar we gatnawlary Nigeriýanyň üç sany we on bäş sany daşary ýurt awiakompaniýalarynyň howa gämileri amala aşyrýar.
  5. Muhammet V adyny göterýän Kasablankada (Marokko) ýerleşýän halakara howa menzili – Rusýadan göni gatnawlaryny kabul edýän ýeketäk howa menzili bolup durýar. Bu howa menziliniň ýyllyk ýolagçy akymy sekiz milliondan ybarat bolup durýar. Bu ýerde kyrk bäş sany regulýar we çarter awiakompaniýalary hyzmat edýärler.
  6. Hurgadda (Müsür) ýerleşýän halkara howa menzili özüniň ýolagçylar akymy bilen buýsanýar: ýylda ýedi million üç ýüz müň ýolagça hyzmat edýär. Esasy ugurlary – Russiýa: Moskwa (Şeremetýewo we Domodedowo), Sankt-Peperburg (Pulkowo), Krasnoýarsk, Nowosibirsk; Ukraina: Harkow, Kiýew; Belorussiýa: Minsk, Gomel.
  7. Şarm-Eş-Şeýhda (Müsür) ýerleşýän halkara howa menzili öz göwrümi we ýolagçylar akymy boýunça tapawutlanýar (Sinaý ýarymadasyndaky iň uly howa ulag desgasy). Ýöriteleşmesi – Rusýadan, Ýewrosoýuz ýurtlaryndan, Belorussiýadan, Hytaýdan we Iordaniýadan bolan çarter söwda gatnawlaryna hyzmat etmek boulp durýar.
  8. Naýrobide (Keniýa) ýerleşýän Jomo Keniatiniň adyndaky halkara howa menzili ýylda alty ýarym million ýolagçylary hyzmat edýär we Gündogar Afrikanyň iň köp agramy bolan howa porty bolup durýar. Afrika, Ýewropa we Aziýa şäherlerine kyrk sany awiakompaniýalary tarapyndan ýolagçy we ýük gatnawlary amala aşyrylýar.
  9. Paýtagt şäheri bolan Alžirde ýerleşýän Huari Bumýeden (Alžir) halkara howa menzili ýylda, dünýäniň ähli ýurtlaryndan Afrikanyň iň uly ýurduna gelýän ýedi ýarym million ýolagçylaryna hyzmat edýär. Sahara çölüniň golaýynda döwrebap, ýokary sygymly, restoran, we söwda dükanlary ýaly ähli oňaýlyklary bolan howa menzili hereket edýär.
  10. Enfida-Hammamat (Tunis) adyndaky halkara howa menzili ýylda alty ýarym million ýolagçylaryny kabul edýär, onuň çäginde bolsa dünýä ýüzünden otuz bäş sany awiakompaniýalary iş alyp barýarlar, olaryň dördüsi Tunisiň milli awiakompaniýalaryna degişli bolup durýar. Bu ýerde amala aşyrylýan regulýar we çarter gatnawlarynyň sany her ýyl ýokarlanýar, biznes-awiasiýa sekyory hem kämilleşýär.
Читайте также:  {:ru}Грузовые авиаперевозки между Францией и странами Африки{:}{:uk}Вантажні авіаперевезення між Францією і країнами Африки{:}

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy tarapyndan kireýine we satyn almak üçin teklip edilýän howa gämileri, ýolagçylary dünýäniň islendik künjeginden Afrika kontinentine rahatlyk bilen eltýärler. Afrikanyň howa menzillerinde hususy uçarlaryň we dikuçarlaryň ýolagçylary üpjün edilýän hyzmatyň rahatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen aýratyn terminallary we VIP-zallary bilen peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolarlar.