Syrly we ýagty Afrika boýunça islendik syýahatyňyzyň özi hem bir başdan geçirme bolup durýar. Kiçiräk uçarda uçmak kontinentiň myhmanlaryna onuň ýabany tebigatyna we onuň täsin ýaşaýjylaryna has hem ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär. Bortuň illýuminatoryndan jeňňellere we sawannalara, çöle we derýalara, dag gerişlerine we sönen wulkanlara ajaýyp keşp açylýar.

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň kömegi bilen biznes-jetleriň sanawyndan islendik görnüşli howa gämisini kireýine almak – bu örän aňsat we çalt iş bolup durýar. Tejribeli ekipaž müşderini Afrikanyň islendik künjegine eltýär. Geliň siziň ýatdan çykmajak syýahatyňyzy, kontinentiň gözelligi boýunça seýrek duş gelýän tebigy künjegi bolan Wiktoriýa köline syn etmekden başlalyň.

Uganda, Tanzaniýa we Keniýa ýaly, Gündogar Afrikanyň üç ýurdynyň her birisi hem bu kölüň bölegine eýedir. Bu kölüň onlarça ýerli we Iňlis Şa zenanynyň abraýyny arşa götermek üçin dakylan bir sany resmi ady bar. Bu, arassa suwly, has owadan köl bolup, ululygy boýunça, Kanada-da ýerleşýän Werhneýe kölünden soňra dünýä ýüzünde ikinji ýerde durýar. Ondan birnäçe derýalary gözbaş alýarlar, ýer örtüginiň gadymy çukurynda ýerleşýän Nil derýasy hem gözbaşyny bu kölden alyp gaýdýar. Wiktoriýa kölüniň kenary batgalyk bolup, onuň dik we kert kenary hem onuň gözel peýzažyna täsir etmeýär emma ol ýere pyýada barmagy kynlaşdyrýar.

Читайте также:  Три разновидности сафари в Африке

Wiktoriýa kölüniň töwereginde birnäçe parklary we goraghanalary döredildi. Olaryň, Rubondo (Tanzaniýanyň tutýan meýdany) adasynda ýerleşýän birisine hem Cofrance SARL kompaniýasynyň awiabazasynyň giň sanawyndan bolan jeti ol ýere ýol alýar. Müşderiniň islegine görä uçuşy: Entebbe (142 km), Kisumu (162 km), Mara-Lojes (189 km), Mwanza (200 km) ýaly birnäçe howa menzillerinden amala aşyrmak mümkin.

Entebbe halkara howa menzili, kölüň içine agyp duran ýarymadasynda, Uganda döwletiniň paýtagty Kampala şäheriniň golaýynda ýerleşýär.

Kisumu halkara howa menzili Keniýanyň çäginde ýerleşip, kölüň golaýyndaky goraghanalary  görmek maksady bilen gelýän syýahatçylar kabul edýär.

Mara-Lojes – Keniýanyň howa menzili bolup, Wiktoriýa kölüniň gündogar tarapynda ýerleşýär we çarter gatnawlaryna hyzmat edýär.

Читайте также:  5 мест в Африке где должен побывать каждый

Mwanza howa menzili Tanzaniýanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän howa menzili. Howa menzili oňaýly şertlerine eýe bolup, onuň uçuş-gonuş meýdançasynyň uzynlygy hem ähli uçarlary kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Rubonda-da Afrikanyň faunasynyň ähli wekilleri bar. Ol ýerde siz seýrek duş gelýän haýwanlary, sitatungany (antilopanyň bir görnüşi) ýa-da tolstotel (maýmunyň bir görnüşi) görüp bilersiňiz. Depesinden bu ada Nuh Pygamberiň, köp dürli haýwanlary we guşlary öz içine alýan gämisi şekilinde görünýär, sawannalaryň we batgalyklaryň, seýrek tokaýyň we gyrymsa agaçlar tokaýlarynyň meýdanyny öz içine alýar. Adanyň üstünden uçar, ýeri gyratlap uçanda, içinde Wiktoriýa köliniň ömri barada köp zatlary bilmek isleýän, bilesigeliji ýolagçylary bolan uly gyzykly guşy ýatladýar.

Читайте также:  Новый бортовой комплекс связи С-404 для Ка-62

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň kömegi arkaly gurnalan hususy uçarynda howadaky gezelenç – Afrikanyň tebigaty bilen beýiklikden tanyşmagyň seýrek duş gelýän mümkinçiligi bolup durýar. Cofrance SARL kompaniýasynyň rus dilinde gürleýän işgärleri uçaryň bortunda has gowy nahar bilen üpjün ederler, tomaşa çärelerini (mysal üçin Afrikanyň iň uly süýji suwly howdany, Wiktoriýa kölinde ýaşaýan aždarha barada syrly rowaýaty gürrüň berýärler), şeýle-de hem ýolagçylaryň isleglerine görä goşmaça hyzmatlary teklip edýärler. Kiçijek syýahatçylar üçin bolsa Afrikanyň üstünden uçmagyň gowy oýlanyp düzülen aýratyn şertleri döredilýär.