Hünärmenleriň hasaplamagyna görä günbatar ýurtlary Afrikanyň awiasiýasyny kämilleşdirmek bilen çynlakaý iş alyp barmak meýilleşdirilýär: bu meýilnamada üç ýüz ýetmiş sany täze howa menziliniň bina edilmegi, iki ýüz elli sany howa ugurlarynyň ulanyşa berilmegi we ýylda ýetmiş million ýolagçylara hyzmat etmek garaşylýar. Bularyň ählisi howa menzilleriniň tehniki taýdan üpjün edilişinde täzelikleriň girizilmegini, awiasiýa parkynyň sanynyň doldurylmagyny, uçuş düzüminiň okadylmagyny talap edýär. Afrika awiasiýasynyň ykdysady goldawynyň ýiti soraglary tematiki şou we salonlaryň geçirilmegi bilen bölekleýin çözülýär.

Aviav TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasynyň topary we onuň ýolbaşçysy, Afrikada geçirilýän awiaçykyş – Afrikanyň awiasiýasyny ösdürmekde ajaýyp başlangyç hereket bolup durýar we bu sergä gatnaşyjylara uçmak üçin rahat howa gämilerini teklip edýär.

Читайте также:  Страны Африки открытые для посещения туристам

Awiasiýa şou – Günorta Afrika üçin seýrek we ähmiýetli waka bolup durýar. Bu şou geçirmek üçin Durban şäherinde ýerleşen täze howa menzilleriniň biri saýlanyldy. Bu, Şa Şahyň adyny göterýän howa menzili 2010 – njy ýylda ulanyşa berilip, häzirki zaman tehniki üpjünçilik talaplarynyň we rahatlygyň görnüşleriniň ählisi bilen üpjün edilen; sekiz ýyl hyzmatynyň dowamynda ol, dürli nominasiýalarda “Ýylyň iň gowy howa menzili ” diýen baýraga eýe bolýardy.

2019 – njy ýylda hem Durbanyň howa menzili, African Aer Expo atly şagalaňly we ykdysady gyzykly çäresine myhmanlary jemlemegi meýilleşdirýär. Oňa, araçy kompaniýalaryň ýolbaşçylary, maliýeçiler gatnaşarlar. Afrika kontinentinde awiaýük daşamalary nebit öndüriş we peýdaly jisimleriň gazyp alynmagy bilen bagly bolanlygy sebäpli, bu şou senagatçylar ehm gatnaşýarlar. Bu şouň geçirilmegine Gwineýa, Nigeriýa, Efiopiýa, Liwiýa, Müsür ýaly Afrika ýurtlary gatnaşýarlar. Howa menziliniň çäginde iş, söwda we umumyraýat awiasiýasynyň howa gämileri synlamak üçin sergide goýular. Bu pudakda, guramaçylar, adamzat çeşmeleriniň– uçarmanlaryň, stýuardessalaryň we tehniki işgäreliniň okadylmagyna uly üns bermegi meýilleşdirýärler.

Читайте также:  Отдых в Тунисе

Korol Şahyň adyny göterýän bu howa menzilinde geçiriljek çykyş meýilnamasy şu esasy meseleleri öz içine alýar:

  1. Awiasiýa parkynyň täzelenmegi
  2. Aýallaryň awiasiýa pudagynda işlemegi.
  3. Howa menzilleriniň durkynyň täzelenmegi.
  4. Ýük gatnawlaryny kämilleşdirmek.
  5. Afrika awiasiýasynda menejment döremegi.
  6. Iş – awiasiýa sektoryny döretmek.
  7. Howa menzilleriniň syýahatçylyk firmalary bilen hyzmatdaşlyk alyp barmagy.
  8. Howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmek.
  9.  Bilimli we ökde hünärmenlerini awiasiýa pudagynda işlemäge çagyrmak.

Afrika çykyşyna şular gatnaşarlar:

  • ýeňil we has ýeňil howa gämilerini öndürijiler;
  • keýtering kompaniýalary;
  • awiasiýa okuw jaýlary;
  • uçarlaryň we dikuçarlaryň hususy eýeleri;
  • awiasia tahnikasynyň öndürijileri;
  • howa gämileriniň potensial alyjylary we satyjylary we olara degişli bolan aksessuarlary;
  • gurluşyk firmalary;
  • bezeg işlerini alyp barýan kärhanalary.

Kofrans SARL kompaniýasy amatly we barlagdan geçen ekipažy bolan biznes-jetlery we dikuçarlary kireýine almagy teklip edýär. Afrikada geçiriljek awiaşou gatnaşmak adamlar üçin awiasiýa dünýäsine golaý bolan uly mümkinçilikleri döredýär: täze iş aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, soňky kysymly uçarlaryny görkezmäge şertiň döredilmegi.