Авиагрузоперевозки в Африке

Afrika – uly, aýdyň we köp zadyň heniz syry açylmadyk, ýabany haýwanlary, sawannalary, daglary we çölleri bar bolan kontinent bolup durýar. Bu ýerdäki ekologiýa turlarynyň sany her ýyldan artýar: pyýada we ulagda, deňizde we howada. Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy materigiň siwilisaziýadan uzakda bolan künjegine dikuçarda gezelenç etmegi teklip edýär. Döwrebap howa gämileri syýahatçylary bellenen nokadyna ýokary derjede bolan rahatlykda, adaty bolan uçuşy bolsa ýatdan çykmajak ajaýyp gezelenje öwürýär.

Afrikada geçirilýän ekologiýa turlary, biziň planetamyzyň beýleki ýerleri bilen deňeşdireniňde bir aýratynlygy bar: olaryň hemmesi saklanyp galan däpler bolan ýerli taýpalary biilen ýakyndan tanyşmak bolup durýar. Materigiň has içine syýahat edýän syýahatçy, elbetde ýatdan çykmajak duýgylary we gürleşmekde täze tejribä eýe bolýar, tebigatda dynç alýar, Afrikanyň geçmişine degişli bolan gaýtalanmajak ýeketäk taryhy desgalaryny görýär, gadymy taýpalaryň we medeniýetiň syrlaryny açýar.

Читайте также:  Бизнес авиация в Африке: разрешения на посадку, визы и безопасность

Cofrance SARL kompaniýasynyň işgärleri, Afrika materigi boýunça gezelenç etmegiň awtorçylyk ekologiýa meýilnamalaryny işläp taýýarladylar. Perganat ulagyndaky uçuş köp wagtyňyzy almaýar we syýahatyň dowamynda aşakdaky gözelligi guş uçýan beýikliginden synlamaga mümkinçilik berýär. Afrikanyň peýzažy kaleýdoskopda bolşy ýaly üýtgeýär: çölüň sary reňkli çägelerini ýaşyl tokaýlary, daglaryň çal we gyzyl reňkleri,derýalaryň we kölleriň gök lentalary çalyşýar, ýokarsynda bolsa – seýrek ak bulutlary bolan giň mawy asman bar. Dikuçar ýolagçylary ýabany tebigaryň dünýäsine, siwilizasiýanyň aladalaryndan we meselelerinden uzaga äkidýär.

Международные авиаперевозки грузов

Ekologiýa turlary milli parklary, goraghanalary, goralýan meýdanlary we milli derejesinde ýaşaýyşy bolan oturymly taýpalarynyň medeni meýdanlary görmefi teklip edýär. Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy dikuçarda Afrikanyň ilki tebigatynyň saklanyp galan, köp barylmaýan künjeklerine syýahat etmegi teklip edýär. Bular ýaly turlaryň biri hem – Liberiýada ýerleşýän Milli Sapo parkyna gezelenç etmek bolup durýar. Bu parkyň tutýan meýdanynda myhmanlar, köp asyrlar mundan ozalky durkunda saklanyp galan tropiki durmuşy bilen tanyş bolýarlar.

Читайте также:  MALUTI SKY NEWS - MOSHOESHOE WALK 2017 - RETURN FLIGHT FOR ONLY R2500!

Sapo Parky – köp ýerlerine heniz adam aýagy basmadyk meýdan bolup durýar. Alymlar şu güne çenli bu ýerde haýwanlaryň we ösümlikleriň täze görnüşleriniň mälim etmegini dowam edýärler. Tropiki jeňňelleri bilen gurşalýan, Sinoe derýasyna ýüz ýyl mundan öň hem bolşy ýaly buýwollar, piller, antilopalar, şimpanzelar ýaly bu ýeriniň ýaşaýjylary arkaýyn gelýärler. Bulary we ýeketäk kiçijek begemotlary synlamak – ekologiýa turynyň wajyp bölegi bolup durýar.

Cofrance SARL kompaniýasynyň arsenalynda sawanna, jeňňel, çöl, tropiki tokaýlar, şarlawuklary bolan köl, Afrika taýpalarynyň oturymly ilaty bolan obalary ýaly ýerlerine  eksklýuziw gezelençleri bar. Syýahatçylary tebigaryň ýabany künjegine eltýän dikuçary, ýolagçylaey geçmişe äkitmek bilen rowaýatdaky wagt ulagynyň rolyny oýnaýar. Biz, siziň saýlan islendik ugryňyzga hem ýiti duýgylar, ynamdarlyk, we hezillik ýaly duýgylaryny kepil geçýäris.