Авиагрузоперевозки в Африке

Afrika – heniz soňuna çenli öwrenilmedik, syrly we haýwanat we ösümlik dünýäsiniň dürliligi bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän kontinent bolup durýar. Bu materigiň özi hem, we Afrika adalary hem – bularyň ählisi açyşlaryň we syrlaryň, ilki dörän tebigatyň, we gadymy taýpalarynyň ýaşaýan dünýäsi bolup durýar. Bularyň sanawyna, dünýäniň iň uly adasy bolan Madagaskar hem degişlidir.

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy Madagaskar adasynyň kenaryna, adanyň we onuň töweregindäki gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin eksklýuziw, howadaky gezelençlerini teklip edýär. Üç-bäş orunlyk ýolagçy howa gämisiniň bir sagatlyk kireýine alynmagy üç müň ýewro ybarat bolýar. Howa gämileri bolsa döwrebap, uçuşyň howpsuzlygynyň hemme talaplaryna kepil geçýär. Uçaryň bortundaky rahatlyk we tagamly nahar we tejribeli gid bilen hem üpjün edýärler.

Afrikanyň gündogar kenaryndan, Hindi ummanynda ýerleşýän Madagaskar adasyna çenli – jemi müň kilometri uçar howlukmany dört sagadyň dowamynda uçup geçýär. Tropiki adanyň tutuş meýdany bolsa – bu paýtagty bilen adybir Antananariwu döwleti bolup durýar.

Читайте также:  Аэропорт Манандзари в городе Мананжари в Мадагаскаре

Cofrance SARL kompaniýasynyň awiabazasyndan, müşderiniň özüniň islegine görä saýlap kireýine alan jeti, bellenen ugura laýyklykda, gündogar Afrika ýurdy bolan Mozambikdan uçýar we mozambik aýlagynyň suwlaryny kesip geçip başdan geçirmeleri halaýan ýolagçylaryny bu adasyna eltýär. Mozambigiň iki sany uly howa menzili Madagaskar adasy bilen howada aragatnaşygy saklamak üçin has oňaýly bolup durýar – bular paýtagt “Maputu” we “Nampula”.

Maputudaky Louenso Markes adyndaky halkara howa menziliniň hem döwrebap terminaly bolup, ol içerki we kontinentara ugurlarynyň uçarlaryny kabul edýär. Täze howa menzilinde biznes-gatnawlarynyň ýolagçylary üçin aýratyn jaýlary döredilen.

Международные авиаперевозки грузов

“Nampula”- halkara derejesine eýe bolan kiçiräk howa menzili. Ol kenarýakadan elli kilometr aralykda ýerleşip, ätiýaçdaky görnüşi hökmünde garalýar.

Ýolagçylar, bir näçe sagat dowam edýän uçuşyň dowamynda, uçaryň ganatynyň aşagyndan görünýän aňyrsy gňrünmeýän deňiz, dag gerişleri, Hindi ummanynda ýerleşýän adalarynyň anyk keşpleri, ak çägeli deňiz plýažy ýaly ajaýyp panorama görnüşine synlamak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Читайте также:  Аэропорт Антананариву в городе Антананариву в Мадагаскаре

Madagaskarda, howada gezelenç etmegi tamamlamak üçin azyndan üç sany oňaýly howa menzili bar: ýokary sygymy bolan Iwato paýtagt howa menzili, adanyň günbatar kenarynda ýerleşýän Ambilobe we Amborow howa menzilleri. Bu howa menzilleri hem döwrebap bolup, Madagaskaryň plýaž kurortlaryna gezelenç edýän syýahatçylaryň uly akymyny kabul edýän, Mahadzanga we Fasin ýaly köp ýolagçylary kabul etmeýär.

Cofrance SARL kompaniýasy tarapyndan üpjün edilen rahat hususy jeti, ýolagçylaryny Hindi ummanynyň arassa suwyna düşmek, paýtagt şäherinde gezelenç etmek, “Mahadzanga” goraghanasyna barmak ýaly gyzykly – tomaşa gezelenç meýilnamasy üçin bu adada goýýar. Şeýle-de hem syýahatçylar bu ýerdäki kafede ekzotiki naharlaryny datmak mümkinçiligine hem eýe bolýarlar. Yzyňa uçmak müşderiniň takmynan özüniň saýlan howa menzilinden amala aşyrylýar. Hususy uçar, ýolagçylaryny yzyna äkidýär we ähli oňaýlyklary bilen yzyna, Afrika materigine eltýär. Syýahata, Madagaskar adasynynň goňşusy bolan Mawriki ýa-da ýaşaýşy bolmadyk, plýažda dynç almak üçin oňaýly bolan Sent-Meri adasyna barmak goşmaça girizilýär.

Читайте также:  А380 для региональных перевозок

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy tarapyndan kireýine alynan hususy uçarynda uçmak – hemişe-de deňi-taýy bolmadyk lezzet bolup durýar. Ýewropanyň bu ynamdar araçy kompaniýasy uzak ýyllaryň dowamynda, talap ediji müşderiler üçin täze ugurlary işläp taýýarlamak bilen, hatda iň kyn arzuwlary hem hakykata öwürip gelýär.