Авиагрузоперевозки в Африке

2017 ýylda Nigeriýada iki ýüz altmyş sany  howa gämileriniň gatnawy bellige alyndy, olardan iki ýüz ýigrimi sanysy daşary ýurt awiakompaniýalaryna ýa-da daşary ýurt raýatlaryna degişli bolup durýar (2007-nji ýyl bilen deňeödireniňde hususy howa gämileriniň sany üç esse köpeldi). Ýurtda umumy awiasiýanyň we aýratyn hem hususy awiasiýanyň kämilleşmegini goldaýan Nigeriýanyň hökümeti, 2014-nji ýylda ýürduň içinde we onuň çäginden daşarda hem howa daşamalarynda biznes-sektoryny döretmek barada kanun kabul etdi. Şeýlelek-de Kabo Airlines, Okada Air, ADS – ýaly milli hususy kompaniýalary öz awiaparklarynyň sanynyň artdyrmak we ugurlar ulgamyny giňeltmek üçin goltgy alarlar. Emma bu prosesiň durmuşa geçirilmegi üçin  wagt we bu pudakda maliýe goldawyna zerurçylyk ýüze çykýar.

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy dürli görnüşli hususy uçarlaryny we dikuçarlaryny kireýine ýa-da satyn almagy teklip edýär. Kompaniýanyň işgärleri islendik wagty Nigeriýa, onuň  goraghanalaryny we Merkezi Afrikanyň ýabany tebigatyny synlamak üçin, hususy we rahat perganat ulagynda, siziň islegleriňizi nazara alyp,  howadaky gezelençlerini gurnaýarlar.

Читайте также:  Аэропорт Порт-Харкорт в городе Порт Харкурт в Нигерии

Nigeriýanyň halkara howa menzillerinde biznes-jetlerini we hususy awiasiýanyň ulaglaryny kabul etmek üçin täze terminallary we bar bolan howa menzillerinde bolsa ýörite sektorlary döredilýär. Hususy gatnawlaryň ýolagçylary giň garaşylýan zallary bilen üpjün edilen,  VIP- zolagynyň ygtyýaryna eýe bolup, gümrük barlagyny hiç hili nobatsyz geçýärler.

Hünärmenleriň hasabyna görä, 2020-nji ýyla çenli Nigeriýanyň hususy howa gämileriniň sany 2017-nji ýyldaka garanyňda bäş esse köpeler we awiatehnikanyň sany ýüz müňe ýeter. Nigeriýada hususy ýük daşamalary bilen meşgullanýan we  uzakda ýerleşýän şäherlerine ýolagçylaryny  daşamak boýunça Cofrance SARL kompaniýasynyň döwrebap  uçarlary we dikuçarlary köp sany meşgullanýar.

Международные авиаперевозки грузов

Hususy uçar – bu uguryň erkin saýlanmagy, rahatlyk we ajaýyp ýolagçylary bilen ýoldaşlykda  syýahat etmek bolup durýar.  Demirgazyk Afrikada, Atlantiki ummanynyň Gwineý aýlagynyň kenarynda ýerleşýän Nigeriýada tebigatyň birnäçe künjekleri syýahatçylary hemişe kabul etmäge taýýar. Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy tarapyndan gurnalan, tejribeli ekipažy bolan, kireýine alynan hususy uçarynda uçuş günbatar Afrika kontinenti boýunça gaýtalanmajak we gyzykly awtorçylyk gezelenjine öwrüler.

Читайте также:  Аэропорт Порт Харкорт Интернэшнл в городе Порт Харкурт в Нигерии

Birinji ugur. Lagosyň paýtagt howa menzilinden göni umman kenaryndan (bu ýeri Newolniçiý Bereg diýip atlandyrylýar) Çad kölüniň tebigy parkyna bolan uçuş. Howa menziline gonanyndan soňra (uçuş dört sagat töweregi wagtyňyzy alýar)  kölüň ýanynda, müňe golaý guşlar-ýaşaýjylary bolan onuň kenarynda gezelenç edýärler. Syýahatçylar kölüň golaýynda, Nigeriýanyň, Nigeriň we Kamerun bilen  araçäkde ýerleşýän kafelaryň birinde nahar edinýärler we uçaryň ilýuminatoryndan panorama görnüşini synlamak bilen yzyna dolanýarlar.

Ikinji ugur. Nigeriýanyň baş goraghanasy, iň owadan we döwrebap parky bolan Ýankar parkyna  gezelenç etmek. Bu parkda pilleriň köp görnüşleri, pawiana we leopardyň seýrek duş gelýän görnüşleri ýaşaýar. Gezelenç etmek üçin iň oňaýly wagty – ýaz paslynyň ortasyndan – tomus paslynyň ahyryna çenli bolup durýar. Uçuş wagtynda Cofrance SARL kompaniýasy öz hasabyndan uçaryň bortunda naharlanmagy gurnaýar. Üç ýarym sagat dowam edýän uçuşy (Lagos bilen Ýankariniň aralygy – müň kilometr), gaýtalanmajak, doýgun – ýaşyl reňkdäki jeňňelleriň tebigaty bilen utgaşyp gidýän çal reňkdäki dag gerişleri bolan Jos platosunyň üstündeň geçýär.

Читайте также:  Аэропорт Акере в городе Акуре в Нигерии

Aviav TM (Cofrance SARL) Afrikanyň barmasy kyn bolan ýerlerine, gysga aralyga uçmak üçin dikuçary kireýine almagy teklip edýär. Üç –bäş orunlyk ulagyň bir sagatlyk bahasy bir müň sekiz ýüz ýewrodan ybarat bolýar. Cofrance SARL kompaniýasy siziň arzuwlaryňyzy hakykata öwürýär!