Авиагрузоперевозки в Африке

Tunis, uly ýurtlar bolan Liwiýa we Alžir arasynda, Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşen, Demirgazyk Afrikanyň kiçiräk ýurdy. Bu ýurt, deňiz kenarynda dynç almak we taryhy ýädygärlikleri synlamagy halaýan syýahatçylar tarapyndan uly isleg bidirilýän ýurt.
Ýokary depginli bolan pasylda “finiki palmanyň ýurdyna” ähli kontinentlardan myhmanlar gelýärler. Ýurtda gaty uly bolmadyk ýedi sany halkara howa menzili we bäş sany ýurduň içinde gatnawlary amala aşyrýan howa menzilleri ýolagçylara hyzmat edýär. Olaryň her birinde ýolagçylar üçin ähli oňaýly bolan şertleri döredilen, soňky döwürde bolsa ähli ýerlerde hem hususy awiasiýanyň hyzmatlary üçin niýetlendirilen aýratyn terminallar döredilýär – bu bolsa Afrikanyň howa ulagynyň öňe gitmeginde uly üstünlik bolup durýar.

Ýewropanyň araçy Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň awiabazasynda ýolagçylaryň islegine görä birnäçe onlarça biznes-jetleriniň arasynydan oňaýly wagt saýlap kireýine alyp, Afrika materigine we onuň çäginiň daşyna syýahat edip bilersiňiz.

Читайте также:  Air Tanzania veut diversifier des services

Tunis Respublikasynyň belli howa menzilleri bilin sizi tanyşdyraly.
Jerba – ýurduň günortasynda, adada ýerleşýän bu howa menzili syýahatçylary kurortlara daşaýar, maý aýynda bolsa Izrailiň zyýarat edýän adamlaryny gadymy sinagoga La-Griba daşaýar.
Enfida – Hammamat – Afrikanyň öňdebaryjy on sany howa menziliniň sanawyna girýär, Afrika kontinenti boýunça gatnawlara ýöriteleşdirilen.
Tunis- Karfagen – paýtagtda, gadymy şäheriň galyndylarynyň golaýynda ýerleşen bu howa menzili dünýäniň ähli künjeginden syýahatçylary garşy alýar.
Habib Burgiriniň adyny göterýän Monastir – çarter gatnadyjylary bilen hyzmatdaşlyk alyp barýan gadymy howa menzili.

Международные авиаперевозки грузов

Tunisiň howa menzillerinden her gün onlarça gatnawlary amala aşyrylýar. Demirgazyk we Merkezi Ýewropa, Aziýa, Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýän ýurtlar, Rusýa, Afrika kontinenti, goňşy demirgazyk Afrika ýurtlarynyň taryhy ýadygärlikleri – göräýmäge Ortaýer deňziniň günorta kenaryndan regulýar we çarter gatnawlarynyň amala aşyrylmaýan ýeri ýok ýaly. Syýahatçylaryň köp bolýan paslynda, Sahara çölüniň we onuň töwereginiň gezelenç etmek üçin amatly bolan döwründe çarter awiakompaniýalary agramyň köp bölegini öz üstüne alýarlar. Galan wagty dünýäniň islendik künjegine Afrika kontinentinde çalt depginde ösüşlere eýe bolýan hususy awiasiýanyň howa gämileri eltýär.

Читайте также:  Северная Африка - восточные сказки Туниса

Kofrans SARL kompaniýasy, Afrika materigi boýunça, regulýar we çarter gatnawlary bolmadyk ýerlerine uçmak üçin howa gämileriniň giň bazasynyň biznes-jetlerynden peýdalanmagy teklip edýär. Tejribeli ekipaž we howa gämileriniň ajaýyp tehniki ýagdaýynyň bolmagy Afrikanyň barmasy kyn bolan ýerlerine syýahat etmek üçin rahatlygyň we ynamdarlygyň kepili bolup durýar. Hususy uçarda (bir sagatlyk kireýine almak 2800 ýewro bolýar) syýahat etmek ýatdan çykmajak lezzet bolup durýar.

Ýer ýüzündäki iň yssy çöli bolan Sahara çöli – syýahatçylary özüne çekiji ajaýyp desga bolup durýar: uzynlygy kilometrlere barabar bolan çäge baýyrlary, sönen wulkanlar, daşdan baýyrlary, oazisleri syýahatçylary siwilizasiýanyň eşretinden yza alyp gidýän aýratyn bir dünýäni döredýär. Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy tarapyndan gurnalan hususy jetdäki gezelenç, çölüň üstündäki syýahatyňyzy ýatdan çykmajak başdan geçirmelere öwrülip, Sahara çöli bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer. Munuň üçin kondisionerli we dürli sowuk içgili, size rahat bolan dünýäni terk etmek zerurçylygy ýok – bularyň ählisi howagämisiniň salonyndan adaty bolup görünýär. 8.5 mln inedördül meýdany eýeleýän çölüň üstünden hususy uçarda uçmak – bu hakykata öwrülen arzuw bolup durýar. Çägeli meýdanlaryň adaty bolmadyk suratlary we palma agaçlary bilen gurşalan janly oazisleri bütin ömrüňize ýatda galar we her bir syýahatçyny bu dünýäniň gözelliginiň dürliligi barada pikirlendirer.