2018 – nji ýylda, Afrika kontinentine dünýä ýüziniň awiaýükdaşamalarynyň jemi 5 % degişli boldy, bu Afrika üçin köp san bolup durýar. Bu ýerdäki awiakompaniýalarynyň köp sany döwlete degişli bolup durýar, emma hususy awiaýükdaşaýjylaryň sanynyň köpelmegi, umuman iş-awiasiýasynyň hem kämilleşmegi kem-kemden belli bolýar.

Ýewropanyň Aviav TM (Cofrans SARL) araçy kompaniýasy hususy howa gämilerini kireýine almagy teklip edýär – Afrikanyň gözel ýerleri boýunça gezelenç etmek üçin perganatly ulaglary we ýokary oňaýlyklary bolan jetleri bilen üpjün edýär. Afrikada iklinji uçarlary haçan peýda bolduka we awiasiýa nähili ýagdaýda ösüşlere eýe bolduka diýen soraglary sizi gyzyklandyrýarmy? 

Taryh we geografiýa barada azajyk maglumat

XX asyryň ortalarynda Afrika döwletleri ýeketäk Panafrikan awiasiýa ulgamyny döretmegi maslahat etdiler. Onuň döredilmeginiň esasy sebäbi – uly we entek doly derejede ösmedik kontinent boýunça gitmek wagtyny tygşytlamakdy. Günbatar, Merkezi we Gündogar Afrikanyň ýurtlarynyň durnuksyz syýasaty we ykdysadyýeti sebäpli bu pikiri amala aşyrmak başa barmady.

Читайте также:  Отдых на территории Африки

Şol bir wagtyň özünde, Magrib ýurtlary (Demirgazyk Afrika) “Er Magrib” awiakompaniýasynyň döredilmegi barada yglan etdiler, ýöne bu başlangyjyň hem soňy bolmady. Emma XXI asyryň başynda ýagdaý üýtgedi we Afrikada täze awiakompaniýalary peýda boldy. Bu gün bu ýerde, Afrika materiginiň dürli böleklerinde hereket edýän 36 sany awiaýükdaşaýjy kompaniýalary bar.

Milli howa assosiasiýasy

Afrikanyň awiakompaniýalary umumy Milli assosiasiýasyna birleşdiler. Onuň hyzmatdaşlary potensial müşderileri bazarynyň monitoringi, täze howa gämilerini satyn almak, uçarmanlary we stýuardessalary okatmak, köne howa menzilleriniň durkyny täzelemek we täze howa menzillerini gurmak bilen meşgullanýarlar. Afrikanyň howa ýük daşaýjy kompaniýalary gurşap alýan geografiýasy we hyzmat edýän gatnawlaryň sany boýunça bir meňzeş däl.

“TunisAir”- iň meşhur ýük daşaýjy bolup durýar. Onuň uçarlary, Afrika, Ýewropa, Amerika, Aziýa ýurtlaryna we Indoneziýa günaşadan 175 gatnawy amala aşyrýarlar. Afrikanyň tutýan meýdanynda, awiasiýa gatnawlaryny ýurduň içinde we onuň çäginden daşarda dolandyrýan uly guramalar iş alyp barýarlar. Bular:

  • “EKOWAS”onalty sany gatnaşyjylary-ýurtlary bilen;
  • “EKOEÝR” Nigeriýanyň baştutanlygynda;
  • “Afrik Alýans”, ilki bilen Kot-d`Iwuary, Benini, Burkina-Fasony we Malini birleşdiren;
  • “SEMAK”, ekwatorial ýurtlarynyň bileleşigini öz içine alan.
Читайте также:  Полеты частной авиации в Анголу

Günbatar Ýewropa ýurtlary Afrikanyň täze awiasiýa birleşmelerine maliýe goldawyny berýärler, täze howa menzilleriniň gurulmagyna, bar bolan howa menzilleriniň bolsa durkyny täzelemek üçin serişde bölüp berýärler.

XXI asyr – howa ýük daşamalaryň ösüş döwri

Afrikanyň Milli howa assosiasiýasynyň habar bermegine görä: 2017 – nji ýylda Afrikanyö awiakompaniýalary tarapyndan 43 million ýolagçylary daşaldy – bu bolsa bütin dünýäniň ýyllyk akymynyň dört göterimi tutýar. Afrika kontinentiniň içinde 17.5 million adam syýahat etdi, 19 million – transkontinental gatnawlaryň ýolagçylary we 6.5 million adam bolsa kontinentara gatnawlarynyň ýolagçylary. Soňky bäş ýylda Afrikanyň awiakompaniýalarynyň ýük daşamalary biziň garaşanymyzdan hem ýokary boldy we bäş göterime deň boldy.

Öňdebaryjy howa menzilleri

Kontinentiň içinde we daşyna gatnawlara hyzmat etmek boýunça şu regionlaryň howa menzillerine has uly agram berildi:

  • Günorta Afrika Respublikasy – Ýohannesburgdaky Oliwer Tambonyň adyny göterýän halkara howa menzili (ýyllyk ýolagçylarynyň sany 24 mln adam);
  • Müsür – Kair şäherinde ýerleşýän halkara howa menzili (ýyllyk ýolagçylar akymy – 14 min adam);
  • Marokko – Muhammet V adyny göterýän Kasablankanyň halkara howa menzili (ýyllyk ýolagçylar akymy – 8mln adam);
  • Alžir – Huar Bumerdýeniň adyny göterýän halkara howa menzili (ýyllyk ýolagçylar sany – 7 mln adam).
Читайте также:  {:ru}Авиационное шоу в Южной Африке{:}{:fr}Meeting aérien en Afrique du Sud{:}{:pl}Pokaz lotniczy w Afryce Południoowej{:}{:tr}Güney Afrika'da Hava gösterisi{:}{:it}Spettacolo di aviazione in Sud Africa{:}{:ar}عرض الطيران في جنوب افريقيا{:}{:uk}Авіаційне шоу в Південній Африці{:}{:tm}Gündogar Afrikadaky awiasiýa şowly çykyşy{:}{:by}Авіяцыйнае шоу ў Паўднёвай Афрыцы{:}

Awiasiýanyň hünärmenleri, Afrikada howa gatnawlarynyň ýokarlanmagyny we ýyllyk ýolagçylar akymynyň köpelmegini,  köne ýük daşaýjylaryň hususylaşdyrylmagy we olaryň hususy eýeçilige geçmegi bilen düşündirýärler. Derňewçileriň hasabaty boýunça, 2040 – njy ýylda bu kontinentda awiasiýanyň ösmegi şu günki bilen deňeşdireniňde 500 % çenli barabar bolýar. Afrikanyň howa ulagynyň geljekgi ösüşi hem hususy gatnawlary bilen berk bagly bolup durýar. Eger-de siz Aviav TM (Cofrans SARL) araçy kompaniýasynyň maglumatlar bazasyndan peýdalanýan bolsaňyz, hususy howa gämilerini müşderiniň bildirýän islegleri boýunça saýlamak örän aňsat