2018 – nji ýylyň oktýabr aýynda Demirgazyk Afrika altynjy gezek awiasiýa – kosmos salonyna gatnaşyjylary – howa we kosmos gämileriniň Marrakech Air Show Halkara sergisine gatnaşyjylary kabul etdi. Regional derejesinde geçirilen bu dabara, şalaryň Harby – howa güýçleriniň – HHG – bazasynyň meýdanynda, Marokkonyň paýtagty Marrakeş şäherinde geçirildi we birnäçe kontinentlerden on dokuz müň gatnaşyjylary kabul etdi. Demirgazyk Afrikanyň howa salony eýýam on ýyldan bäri, her iki ýyldan Marokkonyň şasy Muhammet VI patronažynynda, Söwda we ulag Ministrliginiň, “Boing”, “Aerobus”, “Embraýer” korporasiýalarynyň garamagynda, Marokkonyň şasynyň goşunlarynyň HHG, däbe öwrülen çykyşlaryny görkezýärler.

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy mümkinçiligiňizi elden bermezligiňizi we Afrikanyň howa şounyň birine gatnaşmagyňyzy teklip edýär. Kompaniýanyň awiaparkynda size hemmetaraplaýyn makul boljak howa gämisi bar, tejribeli uçarmanlarymyz bolsa uçuşy kyn işinden lezzet almaklyga öwürýärler.

Читайте также:  Северная Африка - восточные сказки Туниса

120 müň inedördül metr meýdanynda açyk meýdançalar we harby, raýat, hususy howa tehnikasy bar bolan giň pawilýonlary ýerleşdirilen. Dünýäniň ýigrimi ýurdundan iki ýüz sany kompaniýanyň wekilleri salonyň işine işjeň gatnaşdylar; söwda şertnamalary baglaşyldy, dabara barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine giňden maglumat berildi. Iş we söwda duşuşyklaryna Ýakyn Gündogaryň, Demirgazyk we Merkezi Afrikanyň  döwlet we hususy awia guramalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Harby işgärleri Afrikanyň serkerdebaşylary bilen uçuşyň howsuzlygy we raýat we iş-awiasiýa hyzmatdaşlygy barada maslahat geçirdiler.

Marrakech Air Show salony dört ugur boýunça iş alyp bardy:

  1. awiasiýa we goşmaça tehnikasynyň sergisi.
  2. tematiki maslahatlar.
  3. iş we söwda duşuşyklary.
  4. tomaşa uçuşlary we çykyşlary.

Pawilýonlarda sergä gatnaşyjylary awiasiýa tehnikasynyň we ylymyň gazanan üstünlikleri bilen tanyş boldular. Öndürijiler hem dabara gatnaşyjylaryna pudaklaýyn täze açyşlary hödürlediler:

  • howa gämilerini;
  • nawigasiýa enjamlaryny;
  • aragatnaşyk ulgamyny;
  • gorag enjamlaryny;
  • içki we gaşky ýagtylandyryş enjamlaryny;
  • germetiki germewleri we mebeli;
  • kondisionerlary we wentilýasiýany;
  • howa gämileriniň içerki bezeg işleri boýunça täze işläp taýýarlamalary.
Читайте также:  Распространение ислама в Африке

Görkezme çykyşlary üçin Ispaniýanyň, Italiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Marokkonyň dört pilotaž topary bolan elli sany uçary asmana galdy. Olaryň ajaýyp manewryna ýigrimi müň tomaşaçy – Afrika we Aziýa ýurtlaryndan gelen şou gatnaşyjylary syn edýärdi. Baýramçylyk meýilnamasyny Marokkonyň HHG harby orkestriniň çykyşlary dowam etdi.

Ýewropanyň araçy Kofrans SARL kompniýasy, Marrekeşda geçirilen awiaşou – Afrikanyň awiasiýasyny ösdürmek üçin ajaýyp başlangyç nokady hasaplaýar we amatly şertlerde Demirgazyk Afrika uçmak üçin howa gämilerini kireýine bermegi teklip edýär.

Nobatdaky, 7- nji awiasalony, 1920 – nji ýylyň ýaz paslynda, Marrekeş şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä muňa has köp tomaşaçy gatnaşjak, dünýäniň segsen ýurdundan elli sany delegasiýa – jemi otuz müň adam gatnaşjak. Maslahatda awiasiýa tehnikasynyň we enjamlarynyň üç ýüz sany görnüşi sergide görkezilmegi meýilleşdirilýär